Soňky habarlar

Arhiw

2-nji oktýabrda Moskwada "Argus nebithimiýa 2020: GDA we global bazarlar" atly konferensiýa geçiriler

16:5901.10.2020
0
1033

Halkara garaşsyz nyrh guramasy bolan «Argus» 2-nji oktýabrda Moskwada «Argus nebithimiýa 2020: GDA we global bazarlar» atly  konferensiýa geçirýär. Bu konferensiýada Russiýanyň nebithimiýa pudagynyň häzirki ýagdaýy we geljegi, GDA ýurtlarynda we eksport bazarlarynda nebithimiýa önümlerine bolan islegiň dikeldilmegi, üpjünçilik ýagdaýynyň üýtgemegi we önüm ugurlarynda ýeňiş gazanmak mümkinçiligi barada durlup geçiler.

Maslahata «SIBUR» himiýa önümlerini paýlaýjy Ýewropa birleşiginiň, Russiýa Federasiýasynyň Energetika ministrliginiň, Russiýanyň Himiýa Bileleşiginiň, «Herbert Smit Freehills», «FESCO»  we beýleki kompaniýalaryň wekilleri, şeýle hem «Argusyň»  halkara şahamçalarynyň hünärmenleri gatnaşar.

Ýurtlaryň arasynda syýahat etmekde henizem käbir çäklendirmeler bar bolan häzirki gurşawda, «Argus» konferensiýa şahsy gatnaşmakdan başga-da, islendik ýerden onlaýn görnüşde birikmegiň täze usulyny hödürleýär. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň