Top.Mail.Ru

Arhiw

Aşgabadyň dükanlaryna «Muhammet-Balkan» HJ-niň «Nowruz haly» haryt nyşanly täze haly önümleri geldi

09:5901.10.2020
0
33395

Şu günler paýtagtyň ähli haly dükanlaryna «Muhammet-Balkan» hojalyk jemgyýetiniň haly önümleriniň täze tapgyry gelip gowuşýar. Täze halylar täsin nagyşlary, göze gelüwli reňkleri we ýokary hili bilen müşderileriň ünsüni özünde egleýär.

Aşgabatdaky dükanlarda halylaryň şu görnüşleri hödürleýär:

  • Öý halylary;
  • Myhmanhanalar üçin halylar;
  • Haly düşekçeler;
  • Hammam halylary;
  • Hajathana toplumy;
  • Ofis halylary.

Bu görnüşleriň her birinde 4-5 sany täze dizaýnyň dükanlara çykarylandygyny hem aýtmak gerek. Ýakyn geljekde «MB» haryt nyşanly haly önümleriniň ýurduň welaýatlaryndaky dükanlaryna hem eltilmegine garaşylýar. 

Bu halylar «Muhammet-Balkan» hojalyk jemgyýetiniň «Nowruz haly» fabriginde dokalýar. 100 göterim poliesterden ybarat halylar eýelerine birnäçe artykmaçlyklary hem hödürlerýär:

  • Ýylylygy saklamak;
  • Antibakterial häsiýet;
  • Arassalamak amatlylygy;
  • Elýeterli bahasy.

«Muhammet-Balkan» hojalyk jemgyýetiniň haly fabrigi öz işine 2017-nji ýylda başlady. «Nowruz haly» fabrigi Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda ýerleşýär. Ol Ýewropanyň öňdebaryjy enjamlary bilen üpjün edilendir.

Bu ýerde dokalýan halylar Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna we Gazagystana eksport edilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň