Beýik Watançylyk urşunyň taryhy mirasyny öwrenmek üçin akademiki institut döretmek baradaky teklip Russiýanyň Ylymlar akademiýasynda geçirilen " Ikinji jahan urşy we Beýik Watançylyk urşynyň tamamlanmagynyň 75 ýyllygy " ("Вторая мировая и Великая Отечественная: к 75-летию окончания ") atly halkara konferensiýanyň açylyşynda öňe sürüldi.
Beýik Watançylyk urşunyň taryhy mirasyny öwrenmek boýunça iş alyp barýan ýörite instituty döretmeklik baradaky teklip 1941-nji ýylyň dekabrynda uruş ýyl ýazgysyny döretmek boýunça komissiýa ýolbaşçylyk eden SSSR-iň Ylymlar akademiýasynyň agzasy Isaak Minsaň pikiri boldy
Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti Aleksandr Sergeýewiň sözlerine görä, Ikinji jahan urşunyň taryhy baradaky maglumatlar akademiýanyň 15 institutynda gözlenýär.
Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň rus taryhy institutynyň müdiri Ýuriý Petrowyň bellemegine görä, öz ýolbaşçylyk edýän edarasynda uruş ýyllarynyň taryhyna degişli 12 müň bukja bar. Hut şu nukdaýnazardan-da, maslahata gatnaşyjylar Isaak Minsaň pikirini goldap, Beýik Watançylyk urşunyň taryhy mirasyny öwrenýän ýörite instituty döretmeklik teklibini oňladylar.
Konferensiýada Rus taryhy jemgyýetiniň hem-de Daşary aňtaw gullugynyň başlygy Sergeý Naryşkin: "Biziň umumy wezipämiz, uruş döwrüniň wakalary barada ygtybarly maglumatlary giň okyjylar köpçüligine ýetirmekden we taryhy sowatlylygy häzirki zaman maglumat tehnologiýalarynyň kömegi bilen ýokarlandyrmakdan ybarat bolup durýar" – diýip bellemeklik bilen, täze açyljak institutda ylmy gözlegleri sanly tehnologiýalara esaslanýan täzeçe usullaryň esasynda alyp barmalydygyny nygtady.
Maslahata gatnaşyjylar Beýik Watançylyk urşunyň taryhy mirasyny öwrenmek boýunça ýörite iş alyp barjak täze institutyň döredilmegi bilen, Beýik Watançylyk urşunyň 100 ýyllygynyň öňüsyrasynda bu uruş ýyllary baradaky täze resmi maglumatlaryň ýygyndylarynyň aýan ediljekdigine uly ynam bildirdiler.