Soňky habarlar

Arhiw

Şu gün Belorussiýanyň Minsk şäherinde "Belagro - 2020" halkara sergisi açyldy

16:1029.09.2020
0
945

Şu gün Belorussiýanyň Minsk şäherinde “Belagro-2020” atly ýöriteleşdirilen XXX halkara sergisiniň açylyş dabarasy boldy.

“Belagro-2020” sergisiniň üsti "Belferma" (maldarçylyk pudagynda soňky üstünlikleri) we "Belproduct" (azyk önümleri) bilen ýetirildi. Bu halkara sergisine 360 kompaniýa gatnaşýar. Olaryň arasynda 13 döwletden – Belgiýa, Beýik Britaniýa, Wengriýa, Germaniýa, Ysraýyl, Italiýa, Hytaý, Gollandiýa, Polşa, Russiýa, Fransiýa, Şweýsariýa, Şwesiýa ýaly daşary ýurt öndürijileriniň önümlerini hödürlän 30 kompaniýa bar.

Bu ýyl "Belagro" halkara sergisi Belarusyň we Russiýanyň sebitler forumyna gabat geldi. Şunuň bilen baglylykda, Russiýa Federasiýasynyň kärhanalarynyň sergileri Braýansk, Rostow, Wolgograd, Saratow, Woronež ýaly aýratyn ekspozisiýa bloklarynda hödürlendi.

Belarusyň agro-senagat hepdeliginde oba hojalygyndaky başlangyçlar barada giňişleýin pikir alyşmagy üpjün edýän iş meýilnamasy bolar. Maksatnamada esasy orny senagaty ösdürmek, önüm eksporty, innowasiýa tehnologiýalaryny ösdürmek we ornaşdyrmak meselelerine berilýär. Sergi günlerinde “Iň oňat sürüji”, “Iň oňat tohumly sygyr”, “Iň oňat tohum aty”, “Tagamyň çempiony” ýaly bäsleşikler we  köpeldilýän haýwanlaryň sergisi bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň