«Hujand» futbol topary Täjigistanyň futbol çempionatynyň Ýokary ligasynyň 17-nji tapgyrynda «Hatlon» bilen myhmançylykda geçiren duşuşygynda ýeňiş gazandy. Bohtar şäherinde bolan bu duşuşyk 2:3 hasabynda «Hujandyň» peýdasyna tamamlandy.
Şeýlelikde, çempionatyň tamamlanmagyna iki tapgyr galanda, «Hujand» üçünji orundaky bäsdeşinden 8 utuk öňe saýlandy. Şeýlelik bilen, topar diňe bir kümüş medala däl, 2021-nji ýylda AFK-nyň kubogynyň toparçalaýyn tapgyrynda çykyş etmäge-de hukuk gazandy.
Ýurduň çempionlygyny gazanan «Istiklolyň» indiki ýyl AFK-nyň Çempionlar ligasyna gatnaşjakdygyny ýene bir ýola ýatladýarys. «Istiklol» bilen birlikde Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Wahyt Orazsähedowyň hem Täjigistanyň çempiony bolandygyny aýtmak gerek.