Soňky habarlar

Arhiw

2020-nji ýylda Nobel baýragynyň bahasy ýokarlanar

12:4626.09.2020
0
878

2020-nji ýylda her bir Nobel baýragynyň bahasy 10 million şwesiýa kronyna çenli köpeldiler.

2012-nji ýyldan bäri gaznanyň maýa goýum serişdesi 3 milliard krondan 4,6 milliard krona çenli ýokarlandy. Şunuň bilen baglylykda, her ýylda bäş sany Nobel baýragyna tölenýän girdeji hem artdy.

2011-nji ýyla çenli Nobel baýragynyň bahasy 10 million kron boldy. Gaznanyň girdejisiniň azalmagy sebäpli baýragyň bahasy hem şol ýyldan başlap 8 million krona çenli azaldyldy. 2017-nji ýylda baýraklar 9 million krona  çenli ýokarlandy. 2020-nji ýylda bolsa Nobel baýragynyň bahasy 2011-nji ýyldan ozalky gymmatyna dolanyp geldi. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň