Berdimuhamedow: «Türkmenistanda umumy bahasy 37 milliard dollar bolan 2,5 müň taslama durmuşa geçirilýär»

10:4225.09.2020
0
12274

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow «Häzirki wagtda Türkmenistanda umumy bahasy ABŞ-nyň 37 milliard dollaryndan gowrak bolan 2500 töweregi uly taslama amala aşyrylýar» diýip, möhüm maglumaty berdi.

Döwlet Baştutany şäher we oba gurşawyny ösdürmek, ýurduň senagatlaşmagy, ulag we logistika infrastrukturasyny döretmek boýunça giň gerimli maksatnamalaýyn işleriň çäginde Ahal welaýatynyň dolandyryş merkeziniň, Aşgabatda görlüp-eşidilmedik täze uly ýaşaýyş jaýlarynyň, obalardyr şäherçeleriň, şol sanda «Altyn asyr» Türkmen kölüniň kenarynda köp sanly binalaryň gurulýandygyny nygtady.

Diňe Milli Oba Maksatnamasyna laýyklykda, şu ýylyň 1-nji sentýabrdan başlap, 2 saglyk öýi, 216 kilometrlik inženerçilik ulgamy we desgalary, takmynan 510 kilometr aragatnaşyk ulgamy, umumy meýdany 792,3 müň inedördül metr bolan ýaşaýyş jaýlary guruldy we işe girizildi.

Şeýle hem döwlet Baştutany Gyýanlyda gazhimiýa toplumynyň, Türkmenabadyň Himiýa zawodynda, Daşoguzdaky gazturbinaly elektrik stansiýasynda, «Galkynyş» gaz ýatagynda iri gurluşyklaryň dowam edýändigini aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň