Soňky habarlar

Arhiw

Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti Lebap welaýatynda türgenleşik okuwlaryny geçirdi

10:1924.09.2020
0
988

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň welaýat bölümi tarapyndan Dänew we Çärjew etraplarynda iki günlük türgenleşik okuwlary geçirildi. Bu barada «Türkmen gündogary» gazeti habar berýär.

«Milli jemgyýetiň ynsanperwerlik işinde kömekçi wezipesini goldamak» taslamasynyň çäginde geçirilen çärä orta mekdepleriň mugallymlary, polisiýa, ýangyn howpsuzlygy bölüminiň işgärleri hem-de etrap häkimlikleriniň wekilleri gatnaşdylar. Olar adatdan daşary hadysalar ýüze çykan ýagdaýynda halas ediş işlerini guramak, tiz lukmançylyk kömegi gelýänçä, ejir çekenlere ilkinji lukmançylyk kömegini bermek boýunça bilim aldylar. Geçilen mowzuklara degişli maglumatlar slaýdlarda görkezildi, bu ugurdan edilmeli işler tejribede berkidildi. Okuwlary tamamlanlara degişli şahadatnamalar gowşuryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň