Soňky habarlar

Arhiw

Faraply kitaphanaçylar pagtaçylaryň arasynda göçme sergi guradylar

10:1024.09.2020
0
686

Şu günler Farap etrabynyň merkezi kitaphanasynyň işgärleri önümçiligiň dürli pudaklarynda we pagta meýdanlarynda zähmet çekýän ýygymçylaryň arasynda göçme kitap sergilerini guraýarlar — diýip, «Türkmen gündogary» gazeti habar berýär.

Golaýda kitaphanaçylar etrabyň «Watan» daýhan birleşiginiň kärendeçilerine medeniýetli hyzmat etmek, ýygymçylaryň armasyny ýetirmek maksady bilen günorta arakesmesinde «Arkadagyň eserleri — ruhlandyrýar nesilleri» diýen at bilen göçme sergi guradylar. Sergi bilen tanyşdyran kitaphanaçylar Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň perzent terbiýesinde, maşgala agzybirligini berkitmekde, saglygymyzy gorap saklamakda ähmiýetiniň uludygy dogrusynda gürrüň etdiler. Milletiň Lideriniň kitabyndaky çuňňur many-mazmunly rowaýatlar, taryhy maglumatlar bilen baglanyşykly çykyşlar ýygymçylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň