Gökdepedäki kärhananyň önümleri paýtagtda täze dükanda satylýar

12:3223.09.2020
0
11832
Gökdepedäki kärhananyň önümleri paýtagtda täze dükanda satylýar

Ýakynda Aşgabadyň Oguzhan köçesinde Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň 5 sany täze dükany açyldy.

Olaryň birinde Gökdepäniň gön kärhanasynyň "TG Aýakgap" haryt nyşanly önümleri satylýar. Eýýäm bu dükan köp adamly. Bu ýönelige däl: önümler ýokary hilli we elýeterli.

Önümleriň köp görnüşliligi bilen özüne çekýän dükanda erkekleriň nusgawy aýakgaplary, ýeňil, mata aýakgaplar, sport aýakgaplary we beýlekiler bar. Zenanlara we çagalara niýetlenen ýeňil aýakgaplar hem özüneçekiji. Dükanyň hünärmenleriniň aýtmagyna görä, olaryň bahasy 220 — 250 manat aralygynda.

Bu ýerde aýakgapdan başga-da zenanlar we erkekler üçin deri ýantorbalary we bilguşaklary satyn alyp bolýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň