Soňky habarlar

Arhiw

Lebapda «Elwan ýaglykly serwim» sahnalaşdyrylýar

16:4419.09.2020
0
1436

Şu günler Lebabyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynyň artistleri mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly XXIX ýyllygy, şeýle hem hemişelik Bitaraplygymyzyň XXV ýyllygy mynasybetli «Elwan ýaglykly serwim» atly eseriň üstünde işleýärler. Bu barada «Türkmen gündogary» gazeti habar berýär.

Gyrgyz ýazyjysy Çingiz Aýtmatowyň bu eserini Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, teatryň baş ýolbaşçysy Mekan Sylabow sahnalaşdyrýar. Eserde Türkmenistanyň halk artistleri Babageldi Rejebow we Akjagül Suhanowa çykyş edýärler. Baş keşpleri teatryň zehinli artistleri Döwlet Haýtgulyýew hem-de Gülälek Jumaýewa dagy janlandyrýarlar. Eser baýramçylyk günlerinde tomaşaçylara görkeziler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň