Soňky habarlar

Arhiw

“Huawei” smartfonlarynyň bahasy sagatsaýyn ýokarlanýar

15:2819.09.2020
0
1088

Hytaýdaky bölek satuw dükanlaryndan alnan maglumatlar bazarda ozal ähli bäsdeşlerinden smartfonlaryň iň gowusyny satan “Huawei” şereketiniň önüme bolan islegiň gün-günden güýçli  ösýändigini tassyklaýar.

Islegiň ýokarlanmagynyň sebäbi ABŞ-nyň 15-nji sentýabrda güýje giren täze sanksiýalary bilen baglanyşyklydyr. Indi “Huawei” şereketi Amerikan tehnologiýalaryndan we enjamlaryndan özüniň smartfon önümçiliginde ulanýan komponentlerini sargyt edip bilmeýär.

Hytaýda bolup geçýän wakalaryň esasynda diňe ulanylan modeller üçin däl, eýsem täze “Huawei” smartfonlary üçinem bahalar ýokarlandy. Saýlanan modelleriň bahalary şu ýylyň ýanwar aýy bilen deňeşdirilende eýýäm 40 göterim ýokarlandy. Mysal üçin, eýýäm gymmat bahaly “Huawei Mate 30 RS Porsche Design” smartfonynyň bahasy 444 dollar ýokarlandy. Orta hasap bilen “Huawei” smartfonlarynyň bahasy 60-74 dollar ýokarlandy.

Lomaý enjamlar birnäçe minutda satylýar. Elektron dükanlary her sagat diýen ýaly ýokarlanýan bahalary yzygiderli sazlaýarlar.

Köp adamlar “Huawei” şereketiniň önümleriniň bahalarynyň gaty ýokarlanmazyndan we dükanlardan ýitip gitmezinden ozal smartfon satyn almak üçin wagt tapmagy karar etdiler. “Huawei” şereketinden toplanan komponentleriň çäkli wagt üçin ýeterlik boljakdygyna hemmeler gowy düşünýärler. Ýakyn geljekde kompaniýanyň smartfonlarynyň çykarylmagy bes edilip bilner.

Analitikler kompaniýanyň düzüm bölekleriniň geljek ýylyň ortalaryna çenli ýeterlik boljakdygyny aýdýarlar. Elbetde, köp zat “Huawei” şereketiniň berjaý etjek önümçiliginiň tizligine bagly bolar. “Huawei” kompaniýasynyň smartfon modelleriniň gerimini azaltmak, şeýle hem öndürilen enjamlaryň sanyna çäklendirmeler girizmek ýoly bilen gitjekdigi öňe sürüldi.

Hytaýly ulanyjylaryň diňe bir watançylyk duýgulary we içerki önüm öndürijileri goldamak islegi bilen hereket edýändigini-de bellemelidiris. Käbir hytaý kompaniýalary “iPhon” ulanandygy üçin işden aýrylýar we Huawei telefonlaryny satyn almaga mejbur edilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň