ABŞ-nyň programma dükanlarynda “TikTok” 20-nji sentýabrda petiklener

10:1319.09.2020
0
971

ABŞ-nyň häkimiýetleriniň iň meşhur TikTok hyzmatyny petiklemek ýa-da satyn almak islegi ep-esli wagt uzaga çekenden soňra belli bir netijä gelindi.

“TikTok” we “WeChat”  ABŞ-nyň programma dükanlaryndan, şol sanda “Google Play” we “App Store”-dan 20-nji sentýabrda petiklener. Bu, amerikan ulanyjylarynyň bu dükanlardan programmalary gurup we täzeläp bilmejekdigini aňladýar.

Bu ädim "milli howpsuzlyk" ady bilen amala aşyrylýar.  Hytaýyň “Tencent” we “ByteDance” kompaniýalarynyň eýeçiligindäki programmalar diňe bir ABŞ-nyň dükanlarynda gadagan edilmez. Muňa başga-da käbir döwletler goşular. Şeýle hem, “Tencent” we “ByteDance” kompaniýalaryna ABŞ-da hosting ulanmak hem gadagan edildi.

ABŞ-da hosting hyzmatlaryny gadagan etmek 20-nji sentýabrda WeChat we 12-nji noýabrda TikTok üçin güýje girer. Şeýle hem ABŞ-da işlenip düzülen ýa-da elýeterli bolan programma üpjünçiliginde hem hyzmatlarynda olaryň funksiýalaryny we kodlaryny ulanmak gadagan edildi..

Birnäçe gün öň, “Microsoft” şereketi mundan beýläk ABŞ-da TikTok sosial ulgamyny satyn almak üçin dalaşgär däldigini resmi taýdan yglan etdi. Bu teklibi bolsa “TikTokyň” eýesi ByteDance ret etdi.
 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň