Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň baş konsuly Tatarystanyň Prezidentiniň wezipesine girişmek dabarasyna gatnaşdy

20:3018.09.2020
0
4639

Türkmenistanyň Kazandaky (Russiýa Federasiýasy) baş konsuly Atadurdy Baýramow Rustam Minnihanowyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidentiniň wezipesinie girişmek dabarasyna gatnaşdy. Şu gün Salih Saýdaşew adyndaky Döwlet Uly konsert zalynda geçirilen dabaraly çärä 770 adam gatnaşdy — diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiri habar berýär.

Tatarystanyň Prezidentiniň wezipesine girişmek dabarasyna gatnaşanlaryň arasynda Russiýa Federasiýasynyň wise-premýeri Marat Husnullin,Tatarystanyň Döwlet Geňeşiniň Başlygy Farid Muhametşin, Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň Powolžýe federal okrugyndaky doly ygtyýarly wekiliniň orunbasary Oleg Maşkowsew, Tatarystan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti, Döwlet Geňeşçisi Mintimer Şaýmiýew, Hytaýyň, Gazagystanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň baş konsullary, şeýle hem «КАМАЗ», «Татнефть» we beýlekil kompaniýalaryň ýolbaşçylary bar.

Rustam Minnihanow Tatarystanyň köpmilletli halkyna wepalylyga kasam etdi. Dabaraly çäräni alyp baryjy, Respublikanyň Döwlet Geňeşiniň Başlygy Farid Muhametşin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Rustam Minnihanowy saýlawlarda ynamly ýeňşi we Tatarystanyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanmagy bilen gutlandygyny belledi.

Köpugurly türkmen-tatarystan hyzmatdaşlygy Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Baştutanlarynyň alyp barýan strategik hyzmatdaşlyk syýasatynyň jähtinden üstünlikli ösdürilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň