Soňky habarlar

Arhiw

TNGIZT-de 3,5 million manatlyk çig mal gaýtadan işlenildi

10:1516.09.2020
0
799

Türkmenbaşy şäherindäki nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna şu ýylyň geçen sekiz aýynda gelip gowşan nebit çig malynyň möçberi 3 million 552 müň tonnadan geçdi — diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Şonuň 3 million 538 müň tonna golaýy ýokary hilli harytlyk görnüşe getirildi. Netijede, bu baradaky bellenilen meýilnamalara degişlilikde 102,3 we 102,5 göterim hötde gelindi.

Gürrüňi edilýän döwürde bu ýerde içerki we daşarky bazarlaryň geçginli harytlary bolan ýokary hilli nebit-himiýa önümleriniň aýry-aýry görnüşlerini taýýarlamakda gazanylan üstünlikler has-da guwandyryjydyr. Muňa benzin taýýarlamak baradaky meýilnamanyň 106,3 göterim, kerosiniň 100,3 göterim, dizel ýangyjynyň 106,7 göterim, polipropileniň bolsa 105,7 göterim ýerine ýetirilmegi hem aýdyň şaýatlyk edýär.

Toplumda suwuklandyrylan gaz taýýarlamakda gazanylýan netijeler aýratyn bellenilmäge mynasyp. Has takygy, bu ýerde gürrüňi edilýän hasabat döwründe daşarky bazarda uly islegden peýdalanýan bu önümi taýýarlamagyň meýilnamasy 233,4 göterim ýerine ýetirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň