Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

23:5514.09.2020
0
6791

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň Başlygynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky iş maslahatyny geçirdi. Bu barada TDH habar berýär.

Onda sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň baş ugruny durmuşa geçirmegiň, welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynda möwsümleýin oba hojalyk işlerini alyp barmagyň, öňdäki möhüm şanly senelere taýýarlygyň, şeýle hem şähergurluşyk maksatnamasyny amala aşyrmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjow paýtagtymyzda işleriň ýagdaýy, şonuň ýaly-da, köp sanly desgalarda gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Şäheriň häkimi şu günler dürli maksatly desgalarda işleriň depginini güýçlendirmek, paýtagtymyzyň etraplarynyň çäklerini abadanlaşdyrmak maksady bilen, degişli gulluklaryň işleriniň sazlaşykly utgaşdyrylýandygy hakynda-da hasabat berdi. Binalaryň gurluşygy ýokary depginde, iň döwrebap gurluşyk serişdelerini ulanmak arkaly bu ulgamdaky iň täze gazanylanlaryň esasynda alnyp barylýar.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň baş şäherini abadanlaşdyrmak boýunça işler guralanda, durmuş-medeni, inženerçilik-tehniki hem-de ekologiýa ugurlarynyň göz öňünde tutulmalydygyny aýtdy.

Bina edilýän täze gurluşyklar Aşgabadyň ajaýyp binagärlik keşbiniň bölegine öwrülip, bu ýerde ozal gurlan binalar we umuman, şäher gurşawy bilen sazlaşmalydyr diýip, milletiň Lideri aýtdy hem-de binalaryň daşky we içki bezeginde milli binagärligiň ýörelgeleriniň giňden peýdalanylmalydygyny, munuň aýratyn öwüşgin berýändigini belledi.

Aşgabady durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň baş şähergurluşyk maksatnamasy hem innowasiýa çemeleşmeleriň esasynda, öňdebaryjy tehnologiýalary hem-de işläp düzmeleri, iň gowy dünýä tejribesini ulanmak arkaly öňde goýlan wezipeleri çözmäge gönükdirilendir.

Bular barada aýtmak bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gurluşyk işleriniň gerimini nazara alyp, desgalaryň ýokary hil derejesini hem-de milli binagärlik aýratynlyklaryny üpjün etmäge aýratyn üns bermegiň zerurdygyny nygtap, häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra welaýat häkimleri sebitlerdäki işleriň ýagdaýy, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň depginini güýçlendirmek boýunça görülýän çäreler, bu möwsümde ulanylýan tehnikalaryň bökdençsiz işledilişi barada hasabat berdiler.

Şonuň bilen birlikde, welaýatlaryň çäklerinde bina edilýän dürli maksatly desgalardaky, hususan-da, Watanymyzyň Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna ulanylmaga tabşyrylmagy meýilleşdirilen binalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berildi. Şeýle hem olar sebitlerde gurulýan Ak öý binalarynda işleriň barşy barada hasabat berdiler.

Döwlet Baştutany hasabatlary diňläp, güýzlük bugdaý ekişiniň hem-de pagta ýygymynyň gerekli derejesini üpjün etmek boýunça görülýän çäreleriň, bu oba hojalyk möwsümleriniň depginini öz wagtynda artdyrmagyň zerurdygy barada aýtdy.

Milletiň Lideri hasabatlary diňläp, geljekki galla hasylynyň binýadyny goýýan ekiş möwsüminiň degişli derejede guralmagynyň wajypdygyny nygtady. Döwlet Baştutany bu çäräniň talabalaýyk derejede hem-de agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmegini üpjün etmek üçin ekerançylaryň tohum serişdeleri bilen doly üpjün edilmegini, ekiş gurallarynyň we beýleki oba hojalyk tehnikasynyň netijeli ulanylmagyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Şeýle hem milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle talaplaryň pagta ýygymyna-da degişlidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany gowaçanyň ýapragyny düşürmek işleriniň bellenilen möhletde amala aşyrylmalydygyna ünsi çekip, pagta arassalaýjy kärhanalaryň we harmanhanalaryň, kombaýnlaryň hem-de beýleki tehnikalaryň bökdençsiz işledilmegi üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Mundan başga-da, welaýatlarda güýzlük ýeralmanyň, gök we beýleki oba hojalyk ekinleriniň ýokary hasylyny almak üçin ähli şertleri döretmek tabşyryldy.

Türkmenistanyň Prezidenti sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryna ünsi çekip, sebitde bina edilýän ähli desgalaryň, ilkinji nobatda, Bitaraplygyň 25 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli desgalaryň öz wagtynda ulanylmaga berilmegini üpjün etmek barada häkimlere anyk görkezmeleri berdi.

Soňra göni wideoaragatnaşykda Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa Halk Maslahatynyň mejlisine görülýän taýýarlyk barada habar bilen çykyş etdi. Öňde boljak forumy guramaçylykly geçirmek, onuň maksatnamasyny we degişli resminamalary taýýarlamak boýunça görülýän çäreler barada habar berildi.

Döwlet Baştutany Halk Maslahatynyň türkmen jemgyýetiniň gurluşynyň gadymy edaralarynyň biridigini belläp, onuň berkarar döwletimiziň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda eýeleýän ornuna ünsi çekdi. Türkmenistanyň Prezidenti Halk Maslahatynda eziz Diýarymyzda ýaýbaňlandyrylan, halkymyzyň abadan we bagtly durmuşyny üpjün edýän giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeleri hem-de demokratik reformalary amala aşyrmak bilen bagly meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylýandygyny, möhüm döwlet çözgütleriniň kabul edilýändigini belledi.

Milletiň Lideri şu gezekki Halk Maslahatynyň Watanymyzyň Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygynyň bellenilýän ýylyna gabat gelýändigini aýdyp, umumymilli forumy ýokary derejede guramak we geçirmek üçin ähli çäreleri görmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutany sanly aragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatyny jemläp, garalan meseleleriň wajypdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany möhüm wezipeleriň birnäçesini, şol sanda oba hojalygyna innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, sanly ulgamy netijeli peýdalanmak, tohumçylyk-seçgi işlerini geçirmek, oba hojalyk we maldarçylyk önümleriniň öndürilişini artdyrmak, oba hojalygynda telekeçileriň ornuny işjeňleşdirmek ýaly wezipeleri kesgitledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň