Top.Mail.Ru

“MB shoes” güýz möwsümi üçin aýakgaplary bazarlara çykardy

09:3814.09.2020
0
23774

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Muhammet-Balkan” hojalyk jemgyýeti birnäçe ýyldan bäri ýerli çig maldan dünýä belli italiýan dizaýnly dürli aýakgaplary öndürýär. Önümçilik toplumy Italiýanyň öňdebaryjy kämil tehnologiki enjamlary bilen üpjün edilen “MB shoes” brendli aýakgap fabriginde öndürilýän önümlere içerki we daşarky bazarlarda isleg barha artýar. 

Erkekler, aýallar we çagalar üçin niýetlenilen 100 % hakyky deriden taýýarlanýan köwüşler bazarlarda beýleki önüm öndürijilerden amatlylygy we ýokary hilliligi bilen tapawutlanýar.

Häzirki wagtda “MB shoes” öz müşderilerine çagalar we uly ýaşlylar üçin niýetlenen dürli ölçeglerde tikilen aýakgaplaryň güýzki möwsüminiň täze görnüşlerini müşderilerine hödürledi. Bu köwüşleriň ygally howalara durnuklylygy, döwrebap dizaýny, görnüşleriniň dürliligi müşderileriň önüme bolan ynamyny has-da ýokarlandyrýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň