Soňky habarlar

Arhiw

R.Meredow Owganystandaky ýagdaýy kadalaşdyrmak boýunça Türkmenistanyň garaýşyny beýan etdi

23:0712.09.2020
0
5035

12-nji sentýabrda Katar Döwletiniň paýtagty Doha şäherinde 30-a golaý ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, halkara guramalarynyň hem-de “Talyban” hereketiniň wekilleriniň gatnaşmagynda Owganystandaky ýagdaýy kadalaşdyrmak boýunça gepleşikler başlandy. Bu barada TDH ýazýar.

Türkmen wekilýeti Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň baştutanlygynda gepleşikleriň açylyş dabarasyna wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gatnaşdy.

Ýurduň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy öz çykyşynda Türkmenistanyň Owganystan Yslam Respublikasynda sebit howpsuzlygyny we durnuklylygyny berkitmäge gönükdirilen parahatçylygy ilerletmek boýunça hereketleri goldaýandygyny belledi.

Türkmenistanyň hemişe ýüze çykýan meseleleriň diňe diplomatik we syýasy gurallar arkaly çözülmeginiň tarapdarydygy we gepleşiklere, şol sanda gepleşikleri geçirmek üçin özüniň syýasy giňişligini bermek arkaly ýardam etmäge taýýardygy nygtaldy.

Şeýle hem dürli ugurlardaky, hususan-da energetika, ulag, aragatnaşyk we senagat ulgamlarynda iri düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilmegi arkaly Owganystanyň ykdysady ösüşine goşant goşmagyň ähmiýeti babatynda bellenilip geçildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň başlangyjy bilen amala aşyrylýan TOPH we TOP taslamalarynda, bu ýurtda demirýol gatnawlarynyň ösdürilmegine we ynsanperwer kömeginiň möhüm orny nygtaldy.

Duşuşykda Türkmenistanyň sebitde parahatçylygy, durnuklylygy hem-de ykdysady ösüşi üpjün etmekde beýleki hyzmatdaş ýurtlar we halkara guramalary bilen gatnaşyklara taýýardygy bellenildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň