Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda täze dokma dükanlary açylar

16:0712.09.2020
0
21729

Aşgabat şäherinde dokma önümleriniň dükanlaryny açmaga taýýarlyk görülýär. Bu barada wise-premýer Ç.Gylyjow 11-nji sentýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde döwlet.

Baştutanyna habar berdi. Şolarda Türkmenistanda öndürilýän we uly islegden peýdalanýan ekologiýa taýdan arassa hem-de ýokary hilli dokma önümleriniň söwdasy guralar.

Türkmenistanyň Prezidenti täze açyljak dükanlar barada aýtmak bilen, soňky ýyllarda dokma pudagynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylmagy hem-de önümçilik binýadynyň tehniki taýdan täzeden enjamlaşdyrylmagy netijesinde, hil we ekologiýa howpsuzlygy babatda degişli halkara ölçeglerine kybap gelýän taýýar önümleriň görnüşleriniň artdyrylýandygyny belledi. Munuň özi daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligiň binýadynyň barha pugtalanýandygyna güwä geçýär.

Dokma önümlerini has-da işjeň ilerletmek üçin degişli mahabat, hususan-da, soňky ýyllarda meşhurlyk gazanan milli nyşanly harytlary mahabatlandyrmak zerurdyr. Şeýle hem ilatyň möwsümleýin isleglerine görä, dünýä ýörelgelerine gabat gelýän gelşikli lybaslaryň önümçiligi işlenip taýýarlanylmalydyr diýip, milletiň Lideri belledi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow pudagyň kärhanalary üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak, dükanlarda söwdany guramak we alyjylar üçin oňyn şertleri döretmek babatda anyk görkezmeleri berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň