Soňky habarlar

Arhiw

Şu gün Birleşen Milletler Guramasy Bilimi goramagyň halkara gününi ilkinji gezek belleýär

09:4109.09.2020
0
1163

Şu gün Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleriň ählisi Bilimi goramagyň halkara gününi ilkinji gezek belläp geçer. Bu täze şanly senäni Milletler bileleşigine girýän ýurtlaryň ählisi hem, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2020-njy ýylyň 28-nji  maýynda kabul eden A / 74/275  Rezolýusiýasynyň esasynda belläp geçer. 

Çünki, bu Rezolýusiýada “9-njy sentýabry – Bilimi goramagyň halkara güni” diýip yglan etmeklik we 2020-nji ýyldan başlap bu şanly senäni her ýyl belläp geçmeklik karar edildi. Bu karary BMG-niň Baş Assambleýasy Katar döwletiniň sessiýada öňe süren teklibiniň 62 ýurt tarapyndan biragyzdan goldanylmagy netijesinde kabul etdi. Hut şu nukdaýnazardan-da, şu gün “Bilimi goramagyň halkara güni” diýen täze baýramçylyk bütindünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ilkinji gezek bellenilip geçiler.


Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň