Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda bugdaý ekişine badaga berildi

02:5503.09.2020
0
5883

2-nji sentýabrda Türkmenistanda köpçülikleýin güýzlük bugdaý ekişine başlandy. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen möhüm oba hojalyk möwsümi ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda birbada badalga aldy — diýip, TDH habar berýär.

Ýurdumyzyň bugdaý meýdany 690 müň gektar ýeri eýelär. Babadaýhanlar şonça meýdandan 2021-nji ýylda 1 million 400 müň tonna bugdaý, şol sanda Ahal welaýatynda — 400 müň, Mary welaýatynda — 345 müň, Lebap welaýatynda —310 müň, Daşoguz welaýatynda — 265 müň we Balkan welaýatynda — 80 müň tonna däne ýygnap almagy maksat edinýärler.

Türkmen ekerançylary milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň görkezmelerinden ugur alyp, geljek ýylyň bugdaý hasyly üçin niýetlenen oba hojalyk ýerlerini öz wagtynda sürüp we dökün bilen gurplandyryp, jogapkärli möwsüme aýratyn yhlas bilen taýýarlandylar. Ekişe azyklyk bugdaýyň «Sähraýy», «Juwan», «Bitarap», «Ýolöten-1», «Ýolöten-3», «Türkmenbaşy-1», «Gyzylşaglawuk-25», «Miras», «Akbaş», «Şanly», «Hasylly», şeýle hem «Watan» ýaly hasylly görnüşleriniň ýokary hilli tohumlary taýýarlanyldy.

Şu möwsümde Türkmenistan boýunça «John Deere», «CLAAS», «Case», «Belarus-80H» we «Belarus-82.1» kysymly ýer sürüji traktorlaryň 2 müň 583-si hem-de hatar aralaryny ýumşadýan traktorlaryň 7 müň 605-si, şeýle hem ekijileriň, enjamlaryň 1723-si we daýhanlaryň zähmet öndürijiligini artdyrmak üçin beýleki serişdeler ulanylar.

Şu ýyl gelip gowşan täze tehnikalar ekerançylar üçin oňat goldaw bolar. Şol tehnikalar olara ekiş möwsümini has oňaýly möhletlerde geçirmäge kömek berer. Bu bolsa bereketli hasyly almagyň girewidir. Hususan-da, bu tehnikalar dolandyrmagyň telematiki sanly elektron ulgamy bilen enjamlaşdyrylan 155 sany «John Deere» traktorlarydyr.

Güýzlük bugdaý ekişiniň başlanmagy mynasybetli, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň «Gäwers», Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň «Türkmenistan», Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynyň «Türkmenistan», Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň «Watan», Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň «Türkmenistan» daýhan birleşiklerinde welaýat we etrap häkimlikleriniň wekilleriniň, daýhan birleşikleriniň ýolbaşçylarynyň, agronomlaryň, mehanizatorlaryň, gallaçy kärendeçileriň, hormatly ýaşulularyň gatnaşmagynda tejribe maslahatlary geçirildi.

Şol maslahatlarda ekiş möwsümini guramaçylykly geçirmek, ak ekine ideg etmekde agrotehnikanyň usullaryny we öňdebaryjy tejribäni ulanmaga degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Munuň özi ekerançylara strategik taýdan möhüm oba hojalyk ekininiň ekişini has amatly möhletde hem-de ýokary hilli geçirmäge kömek eder.

Şeýle hem ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň kärhanalarynyň öndürýän önümleriniň hem-de oba hojalyk pudagynda bar bolan täze tehnikalaryň sergisi guraldy. Ekiş möwsüminiň başlanmagy mynasybetli, aýdym-saz we folklor toparlary konsert maksatnamasyny taýýarladylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň