Türkmenistandaky onlaýn dükanlaryň hataryna ýene-de bir söwda platformasy goşuldy: Dukanym.com.tm web sahypasy haryt paýlamaklyga ýöriteleşip, dükanlaryň eýelerine we haryt bilen üpjün edijilerine hyzmatlaryny hödürleýär.
Indi dükan eýeleri dükanynda satmak üçin zerur harytlary çalt sargyt edip bilerler. Haryt öndürijiler ýa-da olaryň önümlerini ýurduň söwda nokatlary arkaly satmak üçin goşmaça goldaw bererler.
Dukanym.com.tm 2008-nji ýylda esaslandyrylan we Türkmenistanda üstünlikli işleýän “Lotta Distribution” kompaniýasynyň önümidir. Häzirki wagtda bu kompaniýa iň uly haryt paýlaýjylardan biridir we ýurduň çäginde 4 000-den gowrak dükana hyzmat edýär.
Döwrebap çemeleşmelere esaslanamak, sanlaşdyrma usullaryna geçmegi netijesinde, kompaniýa dükan eýelerine iş we amatly nyrh syýasaty üçin ajaýyp hyzmat hödürläp biler, şol sanda gündelik mahabatlara ep-esli arzanladyş yglan edip biler.
Häzirki wagtda Dukanym.com.tm onlaýn katalogynda 20 töweregi öňdebaryjy marka bar.