Top.Mail.Ru

Arhiw

Aşgabatdaky 85-nji mekdepde we TMDDI-de italýan dili öwredilip başlar

11:3126.08.2020
0
18737

Täze okuw ýylyndan başlap, 85-nji orta mekdebiň okuw meýilnamasyna italýan dili dersi giriziler. Şeýle hem, italýan dili Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň ýöriteleşdirilen ugruna öwrüler.

Italýan dili ýurdumyzyň bilim edaralarynda okamak üçin täze bir ugur däl. Bu dil mundan on ýyldan gowrak ozal, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň hünär taýýarlygynyň sanawyna girizildi. Uniwersitetiň uçurymy Maral Haljykowa şu ýyl paýtagtdaky 85-nji orta mekdepde italýan dilini öwredip başlar.

Ozal habar berşimiz ýaly, 5-nji synp üçin italýan dili boýunça ýörite okuw kitaby we iş depderi çap edildi. Ony TDU-nyň mugallymlary Maýsa Nurgeldiýewa we Şeker Merdanowa taýýarlady. Ol 400 sözden we olaryň terjimesinden ybarat.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň