Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde bu edaranyň ýolbaşçylarynyň Rumyniýanyň ykdysadyýet, energetika we işewürlik gurşawy ministri W.Popesku bilen onlaýn duşuşygy geçirildi.
Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki wagtdaky möhüm meseleleriniň birnäçesini jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar. COVID-19 pandemiýasynyň öňüni almakda we oňa garşy göreşmekde özara hyzmatdaşlyga hem-de onuň ykdysady täsirlerini ýeňip geçmek boýunça bilelikdäki hereketleri utgaşdyrmaga aýratyn üns berildi.
Ministrler ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rumyn Hökümetara toparynyň ähmiýetini bellediler hem-de toparyň nobatdaky mejlisini geçirmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşykda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolan hyzmatdaşlygyň esasy jähetlerine, şol sanda energetika, ulag, oba hojalygy, ýeňil senagat, bilim we ýokary tehnologiýalar ulgamyndaky ugurlaryna seredildi.