Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Futbol federasiýasy ähli futbol duşuşyklaryny soňa süýşürdi

14:0417.08.2020
0
10899

Ýokary liganyň hem-de ýaşlar düzümleriniň gatnaşmagynda geçirilýän ýurdumyzyň çempionatlarynyň 3-nji aýlawynyň hem-de Kubokdyr, Naýbaşy kubogynyň oýunlarynyň geçirilýän seneleri soňa süýşürildi ― diýip, Türkmenistanyň Futbol federasiýasy habar berýär.

Olaryň geçiş tertibiniň seneleri az soňra mälim ediler.

Mundan öň futbol çempionatymyzyň hem-de Kubokdyr Naýbaşy kubogyň oýunlarynyň awgust aýynyň soňlaryna geçirilýändigini habar berlipdi.

Ýeri gelende bellesek, dört aýlawdan ybarat bolan futbol çempionatymyzda toparlaryň sekizisi (“Altyn Asyr”, “Ahal”, “Şagadam”, “Nebitçi”, “Aşgabat”, “Energetik”, “Merw”, “Köpetdag”) çykyş edýär.

Geçirilen 14 tapgyrdan soň 33 utuk toplan paýtagtymyzyň “Altyn Asyr” topary ýaryş tertibinde birinji basgançagy eýeleýär. Ikinji, üçünji orunlarda degişlilikde “Ahal” (31 utuk) bilen “Şagadam” (22 utuk) toparlary ornaşdylar.

Ýokary liganyň futbol klublarynyň ýaşlar düzümleriniň gatnaşmagyndaky futbol boýunça Türkmenistanyň birinjiliginde geçirilen duşuşyklardan soň 39 utugy bolan «Altyn Asyr II» topary birinji ýarymyny ýokarky orunda tamamlady. Ikinji orny 30 utuk toplan «Köpetdag II» topary eýeleýär. 26 utugy bolan “Ahal II” topary bolsa üçünji orunda ornaşdy.

Türkmenistanyň kubogy ugrundaky ýaryşyň nobatdakysynda Ýokary liga wekilçilik edýän toparlaryň 8-si (“Altyn Asyr”, “Ahal”, “Aşgabat”, “Şagadam”, “Nebitçi”, “Merw”, “Energetik”, “Köpetdag”) gatnaşar.

Tertipde birinji görkezilen toparlar ilkinji duşuşyklaryny öz meýdançalarynda geçirerler.

Çärýekfinalyň tertibi:

“Ahal” – “Aşgabat”/“Altyn Asyr” – “Energetik”

“Köpetdag” – “Merw”/“Şagadam” – “Nebitçi”

Naýbaşy kubogy ugrundaky duşuşykda bolsa ýurdumyzyň geçen ýylky çempiony hem-de Kubogyň eýesi “Altyn Asyr” bilen futbol çempionaty ikinji hatarda tamamlan “Ahal” toparlary duşuşarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň