Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň we Owganystanyň Prezidentleriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy

12:0501.08.2020
0
9379

Türkmenistanyň Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy ― diýip, TDH habar berýär.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda sebit we ählumumy gün tertibiniň wajyp meseleleriniň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, koronawirus pandemiýasy meselesine deglip geçildi. Bu kesel örän giň çäkleri gurşap alyp, köp döwletleriň we halklaryň durmuşyna oňaýsyz täsir edýär.

Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň COVID-19-a garşy göreşmekde dünýä bileleşiginiň işini doly goldaýandygyny nygtap, adamzadyň ýüzbe-ýüz bolan bu howpuna garşy üstünlikli göreşmek üçin halkara derejede utgaşykly tagallalaryň zerurdygyny aýtdy.

Döwlet Baştutany Türkmenistanyň, Owganystanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň we Türkiýäniň arasynda gol çekilen “Lapis Lazuli” ylalaşygynyň çäklerinde döredilen ulag-üstaşyr geçelgesiniň ähmiýetini aýratyn belledi.

Bu geçelgäniň ulanylmaga berilmegi Merkezi we Günorta Aziýa ýurtlary bilen Ýewropa döwletleriniň arasynda haryt dolanyşygynyň möçberiniň artmagyna, netijede bolsa, Ýewraziýa yklymynyň iri sebitleriniň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegine ägirt uly goşant goşar diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň hem-de Owganystanyň Prezidentleriniň gatnaşmagynda ýakynda geçirilen üçtaraplaýyn duşuşygyň netijesi boýunça gazanylan ylalaşyklar ulag geçelgesini işjeňleşdirmek we ulgamlaýyn esasda hyzmatdaşlyk etmek babatynda möhüm ädim boldy.

Mundan başga-da, TOPH gaz geçirijisiniň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça elektrik geçirijisiniň we optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijisiniň gurluşygy ýaly energetika, ulag hem-de aragatnaşyk ulgamyndaky giň möçberli taslamalaryň ähmiýeti nygtaldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň