Soňky habarlar

Arhiw

Balkan welaýatynda giriş synaglary dowam edýär

17:0530.07.2020
0
2887

Ýurdumyzyň ähli künjeginde bolşy ýaly, Balkan welaýatynyň merkezi Balkanabat şäherinde hem ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine 2020 — 2021-nji okuw ýyly üçin dalaşgärleri kabul etmegiň giriş synaglary bellenilen tertipde guramaçylykly dowam edýär ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Öňden tassyklanylan meýilnama laýyklykda, Balkan welaýatynda ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine dalaşgärleri kabul etmeklik dört tapgyrda amala aşyrylar. Eýýäm arka atylan birinji tapgyrda — 22 — 23 — 24-nji iýul aralygynda Balkanabatdaky 3-nji orta mekdepde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine, 21-nji orta mekdepde Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutyna, 23-nji orta mekdepde Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutyna, Balkan lukmançylyk orta okuw mekdebinde Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetine, şonuň ýaly-da, ýurdumyzyň orta okuw mekdepleriniň dördüsine okuwa girmek isleýän dalaşgärlerden giriş synaglaryny almak üstünlikli tamamlandy.

Balkan welaýatynyň merkezinde ýokary derejede ýola goýlan bu möhüm çäräniň ikinji tapgyry 1 — 3-nji awgust aralygynda, üçünji tapgyry 4 — 6-njy awgust aralygynda, ahyrky, dördünji tapgyry bolsa 10 — 12-nji awgust aralygynda geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň