Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan eltip bermek hyzmaty kämilleşýär

02:0326.07.2020
0
31152

Türkmenistanda azyk önümlerini we taýýar naharlary onlaýn eltip bermek işi barha ilerleýär. «Altyn Asyr» bank kartlaryny ulanyp, nagt däl usul arkaly töleg ulgamy hem çalt ösýär.

Häzirki wagtda watandaşlarymyz web saýtlaryň we smartfonlar üçin programmalaryň goldawy bilen dürli hyzmatlardan peýdalanyp bilýärler. Mysal üçin, Nesip etsin ,  GiperTm ,  Ynamdar ,  GetirTm ,  Ak Tam Bazary , Kamil ,  100haryt ,  Nur Market ,  Balary  we beýleki onlaýn söwda merkezleri arkaly önümi sargyt edip, ony gapyňa çenli getirdip bolýar.

Internetdäki bahalary deňeşdirmek hem gaty amatly. Öýde oturan ýeriňizden dükanlardaky bahalary hem deňeşdirip bilersiňiz.

Tagamlar we azyk önümleri babatynda "Dostawka.bar" Türkmenistanyň hemme ýerinde işleýär. Aşgabatdaky hyzmatlar şäheriň iň gowy kafelerinden islendik tagamlary öýňüze getirer. Bulardan başga-da, Menýu ,  Saraý ,  Iminami ,  Ak Tam Bazary  we  Saraýly öýi ýaly meşhur programmalary ulanyp, taýýar nahar sargyt edip bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň