Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenabat şäherinde ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine giriş synaglary başlady

10:0023.07.2020
0
5010

Ýurdumyzyň welaýat merkezleriniň ählisinde bolşy ýaly, Türkmenabat şäherinde hem gursagy bilim almaga, hünär öwrenmäge höwesden doly ýaşlaryň müňlerçesi ýygnandy. Olar şu günler ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleri üçin giriş synaglaryny tabşyrýarlar ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Şu ýyl welaýatyň orta mekdeplerinden ýaşlaryň 18 müňe golaýy uçurym boldy. «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda «Talyp» diýen arzyly ada mynasyp bolmak isleýän ýaşlaryň sany has kän. Şonuň üçin hem giriş synaglary geçirilýän bilim ojaklarynyň mähellesi ýetik.

Şu ýyl ýokary okuw mekdepleriniň giriş synaglaryny geçirmek üçin Türkmenabat şäherinde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty bilen birlikde, ýörite we orta hünär okuw mekdepleriniň üçüsi, orta mekdepleriň ýedisi berkidildi. Has takygy, geljekki mugallymlary taýýarlaýan ýokary okuw mekdebinde institutyň öz synaglaryndan başga-da, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň we Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň giriş synaglary geçiriler.

Ýurdumyzyň oba hojalyk maksatly ýokary okuw mekdepleri lebaply dalaşgärleriň arasyndan iň zehinlilerini Türkmenabadyň agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde saýlap alarlar.

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutyna synanyşýan dalaşgärleriň synaglary şäherdäki Maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde geçiriler. Lebabyň ýörite sungat mekdebi Türkmen döwlet medeniýet institutynyň, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň we Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň giriş synaglarynyň geçirilýän ýeri bolar. Ýurdumyzyň beýleki ýokary okuw mekdepleri üçin synaglar şäherdäki 2-nji, 3-nji, 15-nji 24-nji, 26-njy, 40-njy we 41-nji mekdeplerde geçiriler.

Öňňin — 21-nji iýulda Türkmenabat şäherindäki 40-njy orta mekdepde Türkmenistanyň Serhet gullugynyň Serhet institutynda okamaga isleg bildirýänleriň giriş synaglaryna badalga berildi we Lebap welaýaty boýunça saýlap-seçiş işleri şu gün tamamlanar. Şeýle hem düýn S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty, Türkmen döwlet maliýe instituty, Türkmen döwlet medeniýet instituty we Türkmen oba hojalyk instituty üçin giriş synaglarynyň Lebap welaýaty boýunça birinji tapgyry geçirildi. Ýokary okuw mekdepleri üçin gündogar sebitdäki saýlap-seçiş işleri 11-nji awgustda tamamlanar.

Şu ýyl lebaply ýaşlara ýurdumyzyň beýleki sebitlerinde we paýtagtymyzda ýerleşýän orta hünär okuw mekdepleriniň 15-sinde bilim almaga, hünär öwrenmäge mümkinçilik dörediler. Şäherdäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde, 2-nji, 24-nji, 26-njy, 41-nji orta mekdeplerde hem-de şäherdäki çagalar sungat we çeperçilik mekdeplerinde geçiriljek giriş synaglary 7 — 13-nji awgust aralygynda bolar.

Synaglaryň eýýäm ilkinji günlerinden başlap, olaryň geçirilýän ýerlerinde şäherdäki saglyk öýleriniň we arassaçylyk gullugynyň wekilleri nobatçylyk edýärler. Olar bilim ojaklarynyň çäginde hemmeleriň agyz-burun örtüklerini dakynmagyny gazanmak bilen, degişli çäreleri geçirýärler. Dalaşgärlerden we olaryň hossarlaryndan ähli ýerde aralyklary saklap durmak hem talap edilýär.

Ýokary okuw mekdepleriniň eýýäm birnäçesinde birinji synaglar tamamlandy. Ilkinji günlerde bilimini artdyrmaga höwesli ýaşlaryň birnäçesi ilkinji synagdan üstünlikli geçmegiň şatlygyna beslenip, ikinji synaga taýýarlyk görüp başladylar. Şeýle bolansoň, şu günler welaýat kitaphanasy hem köp adamly. Bu ýerde dalaşgärleriň gözleýän maglumatyny çalt tapyp, synaglara netijeli taýýarlanmagy üçin ähli şertler döredilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň