«Daýhanbank» telekeçileriň 500-e golaýyna ýeňillikli karzlary berdi

12:2113.07.2020
0
788
«Daýhanbank» telekeçileriň 500-e golaýyna ýeňillikli karzlary berdi

Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky tarapyndan kiçi we orta telekeçiligi goldamak üçin müşderileriň 486-syna karzlar berildi we olaryň maýa goýum taslamalary esasynda 1037 sany täze iş orunlary döredildi ― diýip, «Bereketli toprak» gazeti ýazýar.

Şonuň ýaly-da, 5846 baş iri şahly mal, 29760 baş dowar, 219 188 sany guş, 209 baş düýe, 407 sany balary maşgalasyny saklamak, oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek üçin 110 gektar meýdanda ösümlikleri suw tygşytlaýjy damjalaýyn usulda suwlaýan enjamy gurnamak, 46 525 inedördül metr meýdanda ýyladyşhana toplumyny gurmak üçin, 30 gektar ýerde ýeralma hasylyny ýetişdirmek üçin, şeýle hem, 24 sany kärendeçä oba hojalygynda ulanylýan tehnikalary, gurallary we abzallary, 1 sany kömürturşy gazyny çykarýan enjamy satyn alyp, ornaşdyrmak amala aşyryldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda» 2012-nji ýylyň 20-nji iýulynda çykaran 12446 belgili Kararyna laýyklykda, senagat önümlerini öndürmek, işleri we hyzmatlary ýerine ýetirmek arkaly telekeçilik işini amala aşyrýan hususy kärhanalaryň, telekeçileriň önümçiligi ösdürmek we täze iş orunlaryny döretmek bilen bagly maýa goýum taslamalarynyň 15 göterimi hususy serişdelerini goýmak şerti bilen, galan 85 göterimi bolsa ýeňillikli karz serişdeleriniň hasabyna banklar tarapyndan maliýeleşdirilýär. Karzlar esasy serişdeleri satyn almak üçin 10 ýyla we dolanyşyk serişdelerini almak üçin 1 ýyla çenli, ýyllyk 5 göterim bilen berilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň