Türkmenistan BSG-niň onlaýn seminarynyň bäşinji mejlisine gatnaşdy

20:5201.07.2020
0
3684
Türkmenistan BSG-niň onlaýn seminarynyň bäşinji mejlisine gatnaşdy

Şu gün ― 1-nji iýulda Bütindünýä Söwda Guramasyna (BSG) “Fokusda goşulmak: Ýewraziýa” atly onlaýn seminaryň bäşinji mejlisi geçirildi. Bu mejlisde ýurdumyza Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew wekilçilik etdi ― diýip, ministrligiň resmi saýty habar berýär.

Şeýle hem wideokonferensiýa görnüşinde geçen çärä BSG-na agza we synçy ýurtlaryň döwlet we hususy pudaklarynyň degişli edaralarynyň we guramalarynyň wekilleri hem-de ylmy işgärler gatnaşdylar.

Bu mejlis, Bütindünýä Söwda Guramasyna agza ýa-da synçy hökmünde goşulmak islegini mälim eden taraplaryň, maglumatlary, teklipleri we garaşmalary alyş-çalşygy arkaly Ýewraziýa ýurtlarynyň BSG-na goşulmak prosesi baradaky webinarlaryň bir bölegidir.

Daşary işler ministriniň orunbasary Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna synçy hökmünde goşulmak baradaky pozisiýasyny görkezdi we bu meseläni öwrenmek üçin ýurtda ýerine ýetirilen uly taýýarlyk işleri barada maglumat berip, üç möhüm ugry belläp geçdi.

Bütindünýä Söwda Guramasyna synçy hökmünde gatnaşmak, Türkmenistanyň halkara ykdysady gurluşlaryna goşulmagyna, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmegine, maýadarlar we söwda hyzmatdaşlary üçin kepillikleri we aç-açanlygy üpjün eder, şeýle hem ýurduň täjirçilik meselelerinde pozisiýasyny güýçlendirer.

Şeýle hem taraplar, geljekki hyzmatdaşlyk boýunça meseleleriň birnäçesiniň hataryna seredip, Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulmagyň tertibi baradaky meseleler boýunça tekliplerini hem-de garaýyşlaryny beýan etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň