Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen hususyýetçileriniň önümçilik desgalarynyň sany has-da köpeler

09:4929.06.2020
0
1061

26-njy iýunda geçirilen Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow döwlet Baştutanyna milletiň Lideriniň ýurdumyzyň sebitlerine bolan iş saparlarynyň barşynda beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Bu barada TDH-nyň habarynda aýdylýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzy 2020 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz ulgamyny ösdürmek boýunça bellenen gaýragoýulmasyz wezipelerden ugur alnyp, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hem-de welaýatlaryň häkimlikleri bilen bilelikde ýerlerde önümçilik düzümleriniň sanyny artdyrmak baradaky taslamalaryň sanawy taýýarlanyldy.

Şu resminama laýyklykda, agzalan döwürde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň öz serişdeleriniň hasabyna önümçilik maksatly desgalaryň gurluşygyny amala aşyrmak, döwrebap tehnologiýalar, suw tygşytlaýjy ulgamlar ornaşdyrylan täze ekerançylyk we bagçylyk meýdanlaryny özleşdirmek, döwrebap ýyladyşhanalary gurmak meýilleşdirilýär.

Göz öňünde tutulan meýilnamalaryň durmuşa geçirilmegi senagat we oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberini artdyrmaga, olary bellenen talaplara laýyklykda saklamaga hem-de gaýtadan işleýän senagatyň goşmaça önümçilik kuwwatlyklaryny we täze iş orunlaryny döretmäge, içerki bazarda haryt bolçulygyny, şeýle hem eksporty artdyrmaga ýardam eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň