Soňky habarlar

Arhiw

Sürüjileriň hünär bäsleşiginiň Ahal welaýat tapgyry geçirildi

17:3326.06.2020
0
1082

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi hem-de «Türkmenawtoulaglary» agentligi tarapyndan bilelikde yglan edilen «Döwrüm bagtyýar, ýolum ygtybar» atly bäsleşigiň Ahal welaýat tapgyry geçirildi — diýip, “Türkmenistan” gazeti habar berýär.

Welaýatyň awtoulag kärhanalarynyň sürüjileriniň arasynda geçirilen bäsleşige gatnaşyjylar ýol hereketiniň düzgünlerine, zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk düzgünlerine, awtoulagyň gurluşyna, ilkinji lukmançylyk kömegine, syýasy taýýarlygyna degişli soragnamalara jogap berdiler.

Awtoulag sürüjileriniň hünär ussatlygyny aýan etmek, şeýle-de olaryň iş tejribelerini baýlaşdyrmak maksady bilen geçirilen bäsleşigiň dowamynda iň ussat, tejribeli sürüjiler ýüze çykaryldy. Şeýlelikde, ýolagçy awtoulag sürüjileriň arasynda Ahal welaýat awtomobil mekdebiniň işgäri Gurbanguly Meredow, ýük awtoulag sürüjileriň arasynda Tejen etrap awtoulag kärhanasynyň sürüjisi Döwletgeldi Hojadurdyýew ýe­ňiji boldular hem-de bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň