Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Daşoguz welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylara Gutlag iberdi

01:1922.06.2020
0
6919

Şu gün ― 22-nji iýunda Daşoguz welaýatynda Medeniýet hepdeligine badalga berildi. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow oňa gatnaşylara Gutlag iberdi.

Döwlet Baştutanynyň Gutlagynda şeýle sözler bar:

«Daşoguz welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň türkmen sungatynyň, edebiýatynyň gadymy nusgalarynyň hem-de şu günki döwrebap görnüşleriniň özboluşly sazlaşýan, bagtyýar watandaşlarymyzy täze zähmet üstünliklerine, ruhubelentlige ruhlandyrýan sungat baýramyna öwrüljekdigine, onuň dowamynda geçiriljek şygryýet agşamynyň, döredijilik duşuşyklarynyň, maslahatlaryň, sergileriň, konsertleriň, sahna oýunlarynyň görkezilişleriniň, döredijilik toparlarynyň çykyşlarynyň baý many-mazmunly we täsirli boljakdygyna, şeýle hem ýurdumyzyň medeniýet ulgamynda gazanylýan üstünlikleri giňden wagyz etmekde, türkmen medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny has-da ösdürmekde aýratyn ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynanýaryn.

Gadyrly medeniýet we sungat işgärleri!
Hormatly adamlar!

Sizi Daşoguz welaýatynda Medeniýet hepdeliginiň dabaraly açylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn!».

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň