Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen arheologlary täze taryhy gymmatlyklaryň üstüni açdylar

23:5619.06.2020
0
8385

19-njy iýunda geçirilen Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa döwlet Baştutanyna ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärliklerinde geçirilýän arheologik gazuw-agtaryş işleriniň ýazky möwsüminiň netijeleri, ýüze çykarylan gymmatlyklary ylmy taýdan öwrenmek we dikeltmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bu işler «Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Türkmenistanyň çägindäki taryhy-medeni ýadygärliklerde 2018 — 2021-nji ýyllarda gazuw-agtaryş işlerini geçirmegiň we medeni mirasy ylmy esasda öwrenmegiň hem-de wagyz etmegiň Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda alnyp baryldy.

Wise-premýer milletiň Liderine gazuw-agtaryş işleriniň barşynda ýüze çykarylan, ylmy taýdan uly ähmiýete eýe bolan taryhy-medeni gymmatlyklar barada aýdyp, Ahal welaýatynyň çägindäki Abiwerd galasynda hünärmentçilik toplumynyň goşmaça desgalarynyň üstüniň açylandygyny habar berdi.

Balkan welaýatynyň çägindäki orta asyr Dehistanynyň Juma metjidiniň peştagyny rejelemek işleri tamamlandy. Daşoguz welaýatynda ýerleşýän Köneürgenç ýadygärlikler toplumynyň düzümine girýän “Kerwensaraý” ady bilen tanalýan ýadygärlikde arheologik gazuw-barlag işleri dowam etdirildi. XII asyra degişli Daýahatyn kerwensaraýynda rejeleýiş işleriniň ikinji tapgyry tamamlandy. Mary welaýatynyň Baýramaly şäheriniň golaýyndaky Abdyllahan galasynda işler dowam etdirildi.

Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirlik tarapyndan guralan arheologik ekspedisiýalar bilen bir hatarda, ýurdumyzyň welaýatlarynyň çäklerinde arheologik gözleg işleri hem alnyp baryldy. Netijede, ozal hasaba alynmadyk ýadygärlikleriň ençemesi ýüze çykaryldy we hasaba alyndy. Milli medeni mirasy öwrenmekde we ony giňden wagyz etmekde halkara hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilýär.

Ýazky möwsümde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynyň esasynda bu möhüm ýoluň «Amul — Merw» bölegini wagyz etmek hem-de ylmy taýdan öwrenmek maksady bilen, bu ugurda ýerleşen birnäçe kerwensaraýlaryň taryhyny öwrenmek boýunça ägirt uly işler ýerine ýetirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň