Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow 19-njy iýunda geçirilen Hökümet mejlisinde habar berdi.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenhowaýollary» agentligi tarapyndan satyn alynýan döwrebap howa gämisiniň bildirilýän talaplara hem-de hil we howpsuzlyk babatda halkara ölçeglere laýyk gelmelidigini aýdyp, hödürlenen resminama gol çekdi hem-de ony wise-premýere elektron resminama dolanyşygy arkaly iberip, degişli tabşyryklary berdi.