Soňky habarlar

Arhiw

Konstitusiýa binasynda Harby kasam kabul ediş dabarasy boldy

20:0317.06.2020
0
1958

14-nji iýunda türkmen paýtagtynda, Konstitusiýa binasynyň öňündäki meýdançada 2019-njy ýylyň güýzki çagyrylyşynda harby gullyga çagyrylan Watan goragçylarynyň kasam kabul ediş dabarasy boldy ― diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berýär.

Başlangyç harby we ynsanperwer taýýarlyk geçilenden soň harby kasamy kabul etmek – her bir harby gullukçynyň durmuşynda ýatdan çykmajak wakadyr. Dabaranyň ýurduň Esasy kanunynyň hatyrasyna gurlan binanyň öňündäki meýdançada geçirilmeginiň hem simwoliki manysy bar. Ýaş esgerleri watanperwerlik ruhunda terbiýelemek, olaryň ýurduň howpsuzlygyny üpjün etmek we onuň konstitusion gurluşynyň esaslaryny goramak boýunça borjunyň möhümligine düşünmegi jähtinden uly ähmiýeti bar.

Şanly waka bilen Watan goragçylaryny gutlamak üçin meýdança ýaş esgerleriň ata-eneleridir garyndaşlary, şeýle hem hormatly ýaşulylar ýygnandylar. Olar esgerlere ýüzlenip, harby doktrinasy diňe goranmak häsiýetli bolan Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň abadançylygy üçin mynasyp gulluk etmekde türkmen halkynyň gahrymançylykly ýörelgelerini dowam etmäge çagyrdylar.

Harby gullukçylar kasam kabul edip, Watana wepaly gulluk etmäge, Garaşsyzlygyň gazananlarynyň we türkmen halkynyň döredijilikli durmuşynyň goragynda pugta durmaga kasam etdiler.

Sahna ussatlarynyň sahnalaşdyrylan, şeýle hem harby gullukçylaryň döredijilik toparlarynyň çykyşlary baýramçylyk dabarasyna özboluşly röwüş çaýdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň