Soňky habarlar

Arhiw

Özbegistan Türkmenistan bilen serhetde erkin söwda zolagyny açmagy meýilleşdirýär

13:3016.06.2020
0
23193

Özbegistanyň Türkmenistan bilen serhetdeş Kungrad etrabynda (Garagalpagystan) adybir erkin söwda zolagyny açmak meýilleşdirilýär. Bu barada Özbegistanyň Prezidenti ýörite resminama hem gol çekdi diýip, Trend ýazýar.

Edil şeýle zolagy Gyrgyzystan bilen serhetdäki Hojaabat etrabynda hem açmak meýilleşdirilýär.

30 ýylyň dowamynda hereket etjek zolaklar döwletara söwda gatnaşyklaryny bökdençsiz alyp barmaga doly mümkinçilik berer.

Täze düzgüne laýyklykda, Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň raýatlary söwda maksady bilen Özbegistanyň çäginde 5 günläp wizasyz aýlanyp bilerler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň