Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasy türkmen tarapyny gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri boýunça IX Halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmaga çagyrdy. Çäre 2025-nji ýylyň 26-27-nji maýynda Tähranyň «Milad» Halkara maslahatlar merkezinde geçiriler – diýip, TSTB-niň saýty habar berýär.
Guramaçylar bu foruma «ýaşyl» energetikany ösdürmäge gyzyklanma bildirýän türkmen assosiasiýalaryny, kompaniýalaryny, işewürlerini we maýadarlary gatnaşmaga çagyrýarlar.
Gatnaşyjylar üçin ýörite maglumat web saýty döredildi: https://www.irec.irrea.ir.