2022-nji ýyla çenli welaýat we şäher häkimlikleriniň işi doly sanly ulgama geçiriler

23:4312.06.2020
0
5668

12-nji iýunda geçirilen Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow döwlet Baştutanyna ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler, şeýle hem awtomatlaşdyrylan elektron maglumat binýatlar ulgamlaryny döretmegiň we işe girizmegiň meseleleri barada hasabat berdi.

Şu ýylyň fewral aýynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistanda elektron resminamalar dolanyşygy ulgamyny hem-de internet web-saýtlary döretmek we işe girizmek hakynda» Karara gol çekdi. Onuň amala aşyrylmagynyň çäklerinde häzirki wagtda internet web-saýtlary hereket edýär, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimliklerinde elektron resminama dolanyşygy ulgamy ýola goýuldy. «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň işlerini döwrebaplaşdyrmak boýunça anyk çäreler geçirilýär. Hyzmatlaryň ähli görnüşleri baradaky maglumatlar web-saýtlarda ýerleşdirilýär we olar yzygiderli täzelenilýär, elektron söwda işe girizildi.

Döwlet Baştutanynyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerini elektron görnüşe geçirmek baradaky tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, gazet-žurnallaryň web-saýtlary döredilýär, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň hünärmenleri tarapyndan şolarda synag işleri geçirilýär.

Wise-premýer Türkmenistanyň degişli Kanunlaryny durmuşa geçirmek bilen baglylykda, ministrliklerde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, welaýat we şäher häkimliklerinde awtomatlaşdyrylan elektron maglumat binýatlar ulgamynyň döredilýändigini, bu işleri 2022-nji ýylyň ahyryna çenli tamamlamagyň meýilleşdirilýändigini aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň