Soňky habarlar

Arhiw

«Günbatargazakdyryş» şu ýyl 2,5 milliard kub metr gazy sarp edijilere ugratdy

01:5324.05.2020
0
722

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Balkanabat şäherindäki «Günbatargazakdyryş» müdirliginde şu ýylyň başyndan bäri geçen ýylyň ýanwar — aprel aýlary bilen de­ňeşdirilende sarp edijilere 422 million kub metrden gowrak arassalanan tebigy gaz artyk ugradyldy ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Kärhananyň garamagyndaky ýokary basyşly gaz geçirijiler welaýatyň çägindäki ýataklardan alynýan «mawy ýangyjy» «Balkangazüpjünçilik» müdirligine, Türkmenbaşy şäherindäki nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna, «Balkanenergo» önümçilik birleşigine, «Balkan» sement zawodyna, «Awaza» we «Balkanabat» döwlet elektrik stansiýalaryna, Türkmenbaşy şäherindäki ýylylyk elektrik merkezine, Garabogazdaky karbamid zawodyna, Gyýanlydaky gaz-himiýa toplumyna, «Türkmengazakdyryş» birleşiginiň Ahal welaýatyndaky sarp edijilerine we beýlekilere bökdençsiz ýetirmäge hyzmat edýär.

Müdirlik boýunça şu ýylyň başyndan bäri tebigy gazyň 2 milliard 502 million kub metre golaýy sarp edijilere ugradyldy we bu ugurda bellenilen meýilnama 159 göterime barabar amal edildi. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň