Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabat şäheriniň binagärlik keşbini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdy

10:4022.05.2020
1
11026

Penşenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew we Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjow bilen bilelikde paýtagtymyzyň merkeziniň binagärlik keşbini has-da kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.

Wise-premýer hem-de şäher häkimi bu ulgamdaky işleriň ýagdaýy, Aşgabady abadanlaşdyrmak boýunça amala aşyrylýan giň gerimli çäreler barada hasabat berdiler.

Döwlet Baştutany şäheriň birnäçe binalaryny, aýratyn-da, paýtagtymyzyň merkezinde ýerleşýän desgalary abadanlaşdyrmagyň, döwrebaplaşdyrmagyň zerurdygyna ünsi çekip, bu desgalaryň şäheriň binagärlik keşbi bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirmegine, gözellik derejesine möhüm ähmiýet bermelidigini, döwrebaplaşdyryş işlerinde döwrüň ösen tejribesinden ugur almalydygyny we täzeçil tehnologiýalaryň işjeň ulanylmalydygyny belledi we bu işleri häzirki zaman talaplaryna laýyk derejede alyp barmak boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Soňra wise-premýer we paýtagtymyzyň häkimi öňde boljak şanly senelere görülýän taýýarlyk, hususan-da, her ýyl bellenilýän Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli meýilleşdirilen çärelere görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdiler.

«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» şygary astynda geçýän ýylda ýerine ýetirilýän işler ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesine we parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyna doly kybap gelmelidir diýip, hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Milli Lider Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli geçiriljek ähli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigini tabşyryp, bu işleriň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna görülýän taýýarlyk çäreleri bilen utgaşmalydygyny belledi.

Döwlet Baştutany paýtagty durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda göz öňünde tutulan ähli wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine örän jogapkärçilikli we toplumlaýyn esasda çemeleşilmelidigini belläp, bu ugurda degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň üpjün edilmelidigini tabşyrdy.

Hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow dünýäniň owadan we ýaşaýyş üçin amatly şertleri özünde jemleýän şäherleriniň hatarynda öz ornuny pugtalandyrýan Aşgabatda alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolmalydygyny belläp, öňde durýan wezipeleri çözmekde üstünlikleri arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň