Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan bilen Eýran demir ýol arkaly söwdany ösdürmegi meýilleşdirýär

20:2412.05.2020
0
10226

«Türkmendemirýollary» agentliginde wideomaslahat tertibinde Türkmenistanyň, Özbegistan Respublikasynyň we Eýran Yslam Respublikasynyň demir ýol ministrlikleriniň hem-de edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gepleşikleri geçirildi. Bu barada TDH habar berýär.

Duşuşyga türkmen tarapyndan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ulag-kommunikasiýa toplumyna gözegçilik edýän orunbasary, ýurdumyzyň birnäçe beýleki pudaklarynyň wekilleri gatnaşdylar. Hususan-da, taraplar goňşy döwletleriň ulag ulgamynda, sebit we halkara ulag-kommunikasiýa düzümlerini kemala getirmekde geljekki hyzmatdaşlygy babatynda pikir alyşdylar.

Koronawirus pandemiýasy bilen baglanyşykly emele gelen ýagdaýyň söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýetirýän oňaýsyz täsiriniň öňüni almak maksady bilen geçirilýän anyk çärelere we bu ugurdaky ädimlere garaldy.

Dürli ugurlar boýunça durnukly ýük gatnawlaryny üpjün edýän logistika ulgamynda ýakyn gatnaşyklary ýola goýmagyň möhümdigi aýratyn bellenildi. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, biziň ýurtlarymyzyň ykdysadyýetleriniň galkynmagy, ahyrky netijede bolsa halklarymyzyň abadançylygynyň ýokarlanmagy köp derejede bu ulgamyň ösdürilmegine baglydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň