Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti agzaçar sadakasyny berdi we Aşgabatdaky metjide awtoulag sowgat etdi

11:4625.04.2020
0
17426

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň Parahat-7 ýaşaýyş toplumynda ýerleşen metjidinde mukaddes Oraza aýynyň birinji gününde agzaçar sadakasyny berdi. Bu barada TDH-nyň habarynda aýdylýar.

Bu metjit 2018-nji ýylyň sentýabrynda açyldy. Umumy meýdany 13 müň inedördül metrden gowrak bolan metjidiň binagärlik keşbi milli binagärligiň iň gowy däplerine hem-de bu ulgamda häzirki zaman ýörelgelerine laýyk gelýär.

Aşgabadyň şähergurluşyk toplumy bilen aýratyn sazlaşyk döredýän metjidiň çäginde döwlet Baştutany hormatly ýaşulular bilen gürrüňdeş bolup, olara jemgyýetimiziň hem-de döwletimiziň durmuşynda ägirt uly ähmiýete eýe bolan çärelere, şeýle hem şu günlerde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilýän baýramçylyk dabaralaryna işjeň gatnaşýandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi.

Söhbetdeşlik tamamlanandan soň, döwlet Baştutany ýaşulular bilen bilelikde metjide tarap ugrady. Milli Liderimiz ýolugrunda metjidi synlady. Bu ajaýyp binany binagärligiň dürdäneleriniň biri diýip atlandyrmak bolar.

Metjitde ýörite aýna gapda mukaddes tepperik ýerleşdirilipdir. Mälim bolşy ýaly, ol ýurdumyzyň ähli metjitlerinde goýuldy. Dindarlar tepperigi ýüzüne syldylar. Tepperik Türkmneistanyň Prezidentine Mekgä haç parzyny amala aşyran mahalynda çuňňur hormat-sarpanyň nyşany hökmünde sowgat berildi.

Şol ýerde keramatly örtük hem goýlupdyr. Bu örtük milletiň Liderine dünýäniň musulmanlarynyň mukaddes şäheri bolan Mekgeden sowgat hökmünde iberildi.

Çärä gatnaşyjylar tepperigi we örtügi ýüzlerine sylyp, Arkadag Hajymyzyň ähli asylly işleriniň üstünlige eýe bolmagyny Beýik Biribardan dileg etdiler.

Soňra döwlet Baştutany eserlerinden düşen galam haklarynyň hasabyna sadaka berdi.

Döwlet Baştutanynyň adyndan paýtagtymyzyň Hezreti Omar metjidine awtoulag sowgat berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň