Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerine seçip alyş işine badalga berildi

12:1423.04.2020
0
22979

Türkmenistanyň Bilim ministrligi 2020/2021-nji okuw ýyly üçin Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerine seçip alyş işini geçirýär. Bu barada türkmen metbugatynda ýörite bildiriş berildi.

Bildirişde aýdylyşy ýaly, Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerine ýokary hünär bilimi okuw maksatnamasyna umumy orta ýa-da orta hünär bilimli (ýokary okuw mekdebinden soňky hünär bilimi — doktorantura okuw maksatnamasyna magistratura bilimli), ýaşy 35-den geçmedik, degişli daşary ýurt dillerini bilýän Türkmenistanyň raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Hünärleriň sanawy, Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň sany, şeýle hem okuwyň şertleri baradaky maglumaty Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň kabul ediş toparyndan alyp bolar.

Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherinde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň kabul ediş topary tarapyndan 2020-nji ýylyň 25-nji apreli — 4-nji maýy aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

- Türkmenistanyň raýaty üçin bellenen nusga boýunça arza we sowalnama;

- umumy orta bilim ýa-da orta hünär bilimi baradaky resminamanyň (doktorantura ýerlerine dalaşgärler üçin magistratura baradaky resminamanyň) asyl nusgasy;

- Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenen nusgadaky saglyk güwänamasy (Türkmenistanyň çäginden daşary ýurtlardaky ýokary okuw mekdeplerine girmek barada dalaş edýän raýatlaryň saglyk güwänamasy);

- soňky okan ýa-da işlän ýerinden (harby bölümden) häsiýetnama;

- 3x4 sm möçberde on iki sany fotosurat;

- işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

- giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda döwlet orta we ýokary hünär bilim edaralaryna kabul edilende, artykmaçlyklardan peýdalanýan mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde kabul ediş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

- Türkmenistanyň raýatynyň pasportyny hem-de Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportyny;

- Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Uniwersitetiň kabul ediş topary, zerur bolan ýagdaýynda, Rumyniýa okamaga gitmek üçin gerekli goşmaça maglumatlary dalaşgärden sorap biler. Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we seçip alyş işi 2020-nji ýylyň 9 — 12-nji maýy aralygynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde (Aşgabat ş.) geçirilýär. Giriş synaglary umumybilim berýän mekdeplerde okadylýan derslerden test, şeýle hem Türkmenistanyň taryhyndan söhbetdeşlik (doktorantura ýerlerine dalaşgärler üçin degişli hünär ugry boýunça we Türkmenistanyň taryhyndan söhbetdeşlik) görnüşinde geçirilýär. Test — ýazmaça, söhbetdeşlik — dilden Türkmenistanyň döwlet dilinde geçirilýär. Giriş synaglarynyň tertibinde bellenen wagtda synaglara gelip bilmedikler ýa-da synaglaryň birinden geçip bilmedikler ondan soňky synaglara goýberilmeýär.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň salgysy: Aşgabat ş., Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolunyň 31-nji jaýy.

tel.: 94-69-90, 94-54-29.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň