Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň ýolbaşçysy bilen koronowirus pandemiýasyna garşy göreşmek baradaky meseleleri ara alyp maslahatlaşdy

23:5222.04.2020
0
8232

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi ― diýip, TDH habar berýär.

Söhbetdeşligiň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri, şol sanda BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleriniň ugry boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy, bu düzümler bilen bilelikdäki maksatnamalary we taslamalary durmuşa geçirmekde uly tejribe toplanyldy. Şunuň bilen baglylykda, bütin dünýäni tolgundyrýan koronawirus pandemiýasy bilen baglanyşykly meselä deglip geçildi.

Döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ştab-kwartirasy ýerleşýän Türkmenistanyň mundan beýläk hem bu merkeziň alyp barýan işlerini ýakyndan goldajakdygyna, onuň möhüm sebit taslamalaryny we maksatnamalaryny amala aşyrmaga ýardam berjekdigine ynandyrdy.

Şunuň bilen baglylykda, milletiň Lideri häzirki döwürde ýokanç keselleriň ýaýramagyna garşy göreşde sebitiň ýurtlary we beýleki goňşy döwletler bilen bilelikde işlemekde toplanylan tejribe barada gysgaça durup geçdi. Hususan-da, käbir ýurtlar, mysal üçin, Özbegistan we Azerbaýjan bilen biz bilelikdäki serhetlerimizde sanitariýa-karantin çärelerini üpjün etmek boýunça arkalaşykly işleýäris.

Türkmenistanyň Hökümeti häzirki döwürde Birleşen Milletler Guramasynyň ýurdumyzdaky Hemişelik utgaşdyryjysy hem-de ýurtlar boýunça agentlikleri bilen bilelikde döwletimiz üçin Milli meýilnamany taýýarlamak işlerini tamamlap barýar. Bu meýilnama ýakyn wagtda serediler.

Türkmenistanyň Prezidenti pandemiýa garşy alnyp barylýan göreşde ähli döwletlere milli maliýe-ykdysady ulgamlaryny hem, umuman, dünýä ykdysadyýetini hem kadaly ýagdaýda saklamaga mümkinçilik berýän işiň täze görnüşleriniň we usullaryň gözleniljekdigine ynam bildirdi. Munuň üçin halkara bileleşigiň ýokary derejede jebisleşmegini üpjün etmeli. Ýurtlaryň, sebitleriň we yklymlaryň arasynda hyzmatdaşlygyň täze nusgalaryny taýýarlamaly we ornaşdyrmaly.

Bu işlerde Birleşen Milletler Guramasyna esasy utgaşdyryjy orun degişlidir. Bu guramanyň howandarlygynda dünýä ykdysadyýetini dikeltmek bilen bagly wezipeleri çözmek üçin Türkmenistan öz tejribesini hem-de mümkinçiliklerini paýlaşmaga taýýardyr diýip, döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.

Ýeňil bolmadyk häzirki döwürde biziň kynçylyklary bilelikde abraý bilen ýeňip geçjekdigimize hem-de hyzmatdaşlygymyzy has-da berkitjekdigimize ynanýaryn diýip milletiň Lideri Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň alyp barýan işlerini berk goldaýandygyny, ýurdumyzyň BMG bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga taýýardygyny beýan etdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplaryň soňky ýyllarda barha ösdürilýän, maksada okgunly we anyk häsiýete eýe bolan netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmegi üýtgewsiz ugur edinýändikleri tassyklanyldy.

Telefon söhbetdeşliginiň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş birek-birege saglyk we üstünlikler arzuw edip, uzak möhletleýin esasda guralýan hem-de ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň we ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljekde hem üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Telefon söhbetdeşligi BMG-niň Baş sekretarynyň başlangyjy boýunça geçirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň