TÝL ― 2020: «Köpetdag» «Altyn asyrdan» ýeňilmekden ahyrky minutlarda halas boldy

23:0819.04.2020
0
18959

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň «Köpetdag» futbol topary milli çempionatyň 4-nji tapgyrynyň açylyş duşuşygynda häzirki çempion «Altyn asyrdan» utulmakdan ahyrky minutlarda halas boldy. Şeýlelikde, «Aşgabat» stadionynyň merkezi meýdanynda geçirilen we 500 janköýeri özüne çeken duşuşyk 1:1 hasabyndaky deňlik bilen tamamlandy.

Duşuşygyň 78-nji minudynda goragçy Mekan Saparow «aragatnaşykçylary» hasapda öňe çykardy. Şondan 9 minut soňra, «Köpetdag» Batyrgylyç Berdiýewiň geçiren goly bilen hasaby deňledi.

Juda dartgynly geçen duşuşykda baş emin Jumamyrat Jumamyradow «Altyn asyrdan» üç, «Köpetdagdan» iki futbolça sary duýduryş kartyny görkezmeli boldy.

Şeýlelikde, bu duşuşykdan soňra utugyny 8-e çykaran «Köpetdag» heniz ýaryşyň başynda galýar. Üç duşuşykda 5 utuk toplan «Altyn asyr» hem, häzirlikçe, üçünji orundaky ýerini saklaýar. Ýöne bu iki toparyň ýaryşdaky anyk orunlary ertir geçiriljek duşuşyklardan soňra belli bolar. Şu gün 4-nji tapgyr «Merw» ― «Aşgabat», «Ahal» ― «Şagadam» we «Nebitçi» ― «Energetik» duşuşyklary bilen tamamlanar.

Geçirilen duşuşygyň netijesi:

“Altyn Asyr” – “Köpetdag” – 1:1

Gollar: Mekan Saparow 78 ―  Batyrgylyç Berdiýew  87.

Duýduryşlar:  Begmyrat Baýow 39, Röwşengeldi Halmämmedow 67, Myrat Annaýew 86 ―  Şiri Annaýew 38, Resul Mahmudow 43.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň