Soňky habarlar

Arhiw

Medine Seýitnyýazowa: «Biz «Ak Tam Bazarynda» häzirki zaman söwda meýdançasyny emele getirmegi maksat edinýäris»

12:0713.04.2020
0
13289

«AK TAM Bazary» Türkmenistanyň täze işläp başlan onlaýn söwda taslamasy. Mundan birnäçe aý ozal döredilen taslama oýlanyşykly mahabat ýörelgesiniň kömegi bilen meşhurlygyny günsaýyn artdyrýar.

Şu gün «Türkmenportalyň» habarçysy kompaniýanyň PR-menejeri Medine Seýitnyýazowa bilen taslamany mundan beýläk-de ösdürmek ilen bagly maksatlar barada söhbetdeş boldy.

- Medine, «Ak Tam Bazary» taslamasynyň örän gowy başlagyjy bar. Ony has hem ösdürmek üçin kompaniýanyň öňünde nähili maksatlar bar?

- Häzirki wagtda, esasan, mahabat çäreleri arkaly özümize müşderi çekmäge, taslama babatynda her kimde oňyn pikir oýarmaga ýykgyn edýäris. Ikinji bir maksadymyz bolsa hyzmatdaşlarymyzyň sanyny mundan beýläk hem köpeltmek.

- Şeýle çärelerden esasy garaşylýan netije näme?

- Adamlaryň taslamamyza bolan ynamynyň we biziň bilen gatnaşygynyň artmagy.

- Sosial marketing önümi mahabatlandyrmagyň iň meşhur görnüşine öwrülýär. Siz mundan peýdalanýarsyňyzmy?

- Hawa, elbetde. Kompaniýamyz sosial ulgamlaryň kömegine aýratyn üns berýär. @Aktam_bazary instagram hasaby arkaly her gün ähli habarlary paýlaşýarys, hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde müşderiler üçin kiçi bäsleşikleri geçirýäris. «Facebook»  we «IMO-daky» hasaplarymyz (+9936242638) has köp müşderi çekmäge ýardam berýär. Geljekde «Youtube» kanalymyzy işjeň ösdürmegi meýilleşdirýäris.

- Satyjylardan, dükanlardan başga «Ak Tam Bazarynyň» esasy müşderileri kimler?

- Mälim bolşy ýaly, ilkinji maksadymyz gurluşyk serişdeleriniň söwdasydy. Ýöne platforma açylandan soň, ondan kärendesine ýer almak isleýänler köpeldi. Şeýlelik bilen müşderi gorumyz giňeldi. 

- “Ak Tam Bazarynda” ulanyjylar tarapyndan berilýän tekliplere nähili seredilýär?  

- Toparymyz täze we peýdaly tekliplere hemişe açyk. Ýöne öz iş usulymyza hem ygrarly bolmaga çalyşýarys. Programmaçylarymyz bolsa ony kämilleşdirmek üçin yzygiderli işleýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň