Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabadyň günortasynda täze hökümet münberi gurulýar

14:3412.04.2020
0
25735

Aşgabadyň binagärlik ansambly ýakyn wagtda umumy meýdany 20,450 inedördül metre barabar täze hökümet meýdançasy bilen bezeler. Onuň töwereginde 47 müň 324 inedördül metr abadanlaşdyrylar. Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününi bellemek bilen birlikde, bu ýerde uly dabaralar geçiriler. Bu barada TDH habar berýär.

Taslama prezidentiň münberini we 2 müň orunlyk myhmanlar üçin meýdançany öz içine alýar.  Desganyň öň tarapynyň beýikligi 32.55 metr. Bu ýerde esasy zal, myhmanlary kabul etmek üçin 4 zal, aýratyn ýagdaýlar üçin zal, şeýle hem hyzmat ediş meýdançasy bar. Stendleriň ini 160 metr, bu ýerde dikuçar hem üpjün edilýär.

2020-nji ýylyň awgust aýynda guruluşygynyň tamamlanmagy  meýilleşdirilýän bu desganyň buýrujysy Aşgabat şäher häkmligidir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň