Soňky habarlar

Arhiw

“Google Developer Groups” Aşgabat şäherindäki guramaçylary bilen okuw sapagyny geçirdi

20:1110.04.2020
0
20070
“Google Developer Groups” Aşgabat şäherindäki guramaçylary bilen okuw sapagyny geçirdi

Türkmenistanyň Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde “Google Developer Groups” guramasynyň Aşgabat şäherindäki guramaçylary, uniwersitetiň“Engineers’ Club” gurnagy bilen bilelikde“Flutter Tutorials Sessions & Firebase Study Jam’20” atly okuw sapagyny geçirdiler. Okuw sapagyna guramanyň düzüminde bolan agzalarynyň 70-den gowragy  we  hususy  “IT” we telekeçilik edaralarynyň (“Asman oky”, “Timar”, “Imdat Elektronika”, “Ideal”, “Readit”, “Üç ýap”, “Gujurly nesil”) wekilleri gatnaşdylar.

Okuw sapagynyň başynda “Google Developer Groups” guramasynyň Aşgabat şäherindäki guramaçysy Merjen Saparmyradowa “Developer Community Programs” temasy boýunça çykyş etdi. Okuw sapagynyň dowamynda “Asman oky” hojalyk jemgyýetiniň inženeri Erkin Öwlýagulyýew “Advantages of using Flutter in production”, “Asman oky” hojalyk jemgyýetiniň programmisti Kakajan Şagylyjow “Firebase Tutorials Session”, uniwersitetiň kompýuter tehnologiýasy we ulgamlary  kafedrasynyň mugallymy Mähri Ilmedowa “Chromium and Electron”, uniwersitetiň  maglumat we kommunikasiýa tehnologiýasy hünäriniň talyby Gözel Nazarowa “Applications for Brain Development”, uniwersitetiň kompýuter ulgamynyň programma üpjünçiligi  hünäriniň talyby Kerim Amansaryýew “React native localization abstraction” we uniwersitetiň  maglumat we kommunikasiýa tehnologiýasy  hünäriniň talyby Sapar Jumaşew “3ds Max Modeling theory” temalary  boýunça çykyş etdiler.

Okuw sapagyny guramakda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüşuniwersitetiň “Engineers’ Club”gurnagynyň agzalary işjeň gatnaşdylar.

Okuw sapagynyň ahyrynda, “Google Developer Groups” guramasynyň Aşgabat şäherindäki guramaçylary tarapyndan okuw sapagyny guramakda işjeň gatnaşanlar  sylaglandyryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň